Italiýada Kowid-19 sebäpli ýoganlaryň sany 1 günde 793 adam artyp 4825 adama ýetdi

Koronawirus dünýäde 280 müňe golaý adama ýokaşdy

1382760
Italiýada Kowid-19 sebäpli ýoganlaryň sany 1 günde 793 adam artyp 4825 adama ýetdi

 

 Dünýä ýurtlaryna howp salmaga dowam edýän koronawirus sebäpli ýogalanlaryň sany 13 müň adamdan geçdi.

Koronawirus dünýäde 280 müňe golaý adama ýokaşdy.

Italiýada Kowid-19 sebäpli ýoganlaryň sany 1 günde 793 adam artyp 4825 adama ýetdi.

Halkyň zerur bolmadykça daşary çykmazlyk barada berlen duýduryşlary ýerine ýetirmeýändigini sebäpli ýerli häkimlikler merkezi hökümetiň mümkin bolan her ýeri ýapmagyny talap edýär.

Italiýayň Premýer inistri Konte, ýurdundaky Kowid-19 pandemiýasy sebäpli ähli önümçilik ýerleriniň ýapylmagy barada görkezme berdi.

Ispaniýada Kowid-19 sebäpli ýogalanlaryň sany 1378 adama ýetdi. Koronawirus ýokaşanlaryň sany 1 günde 5 müň adam artyp 25 müň adama ýetdi. Paýtagt Madritde tiz kömek ulaglary ýetmeýändigi sebäpli keselliler awtobuslar bilen hassahanalara getirilýär, hatda käbir ýerlerde myhmanhanalar hassahana öwrüldi.

Fransiýada Kowid-19 pandemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany 112 adam artyp 562 adama ýetdi. Bejergi alýanlaryň sany 1525 adama ýetdi.

Germaniýada Kowid-19 sebäpli 77adam ýogaldy. Germaniýa wirusa garşy berk çäre gören Ýewropanyň düzgünlere görä hereket edýän ýurdy hökmünde ünsleri özüne çekýär.

Belgiýada soňky 24 sagatda Kowid-19 sebäpli 67 adam ýogaldy. Koronawirus sebäpli hasaba alynanlaryň sany 2815 adama ýetdi.

Britaniýada koronawirus sebäpli 233 adam ýogaldy, hökümet 65 müňe golaý ozalky saglygy goraýyş işgärini işe çagyrdy.

Ruminiýada Kowid-19 sebäpli ilkinji ýitgi çekildi. Kowid-19 sebäpli 367 adam hasaba alyndy. Ýurtda 16-njy martda adatdan daşary ýagdaý yglan edilipdi.

Bosniýa-Gersogowinada Kowid-19 sebäpli ilkinji ýitgi çekildi. Koronawirus sebäpli hasaba alynanlaryň sany 93 adama ýetdi. Ýerli wagt bilen 20.00-05.00 aralygynda köçä çykmak gadagan edildi.

Kipriň grek böleginde Kowid-19 sebäpli ilkinji ýitgi çekildi. Ýolbaşçylar ýurtda ýene-de 9 adama koronawirusyň ýokaşandygyny habar berdi. Kowid-19 sebäpli hasaba alynanlaryň sany bolsa 84 adama ýetdi.

ABŞ-da Kowid-19 sebäpli ýogalanlaryň sany 260, hasaba alynanlaryň sany bolsa 19624  adama ýetdi.

Awstraliýada koronawirus sebäpli 7 adam ýogaldy, 1098 adam hem hasaba alyndy.

Braziliýada bolsa Kowid-19 sebäpli ýogalanlaryň sany 18, hasaba alynanlaryň sany 1025 adama ýetdi.

 

 



Degişli Habarlar