Kowid-19 sebäpli ýogalanlaryň sany 11 müň adamdan geçdi

Koronawirus ýokaşanlaryň sany bolsa 270 müň adama golaýlady

1382276
Kowid-19 sebäpli ýogalanlaryň sany 11 müň adamdan geçdi

Ilkinji gezek Hytaýyň Uhan şäherinde 2019-njy ýylyň dekabr aýynda hasaba alynan Kowid-19 sebäpli dünýäde ýogalanlaryň sany 11 müň adamdan geçdi. Koronawirus ýokaşanlaryň sany bolsa 270 müň adama golaýlady

Eýranda Kowid-19 sebäpli ýogalanlaryň sany 1433 adama ýetdi. Eýranyň Daşary işler ministri Muhammed Jawad Zarif, ýurdy koronawirus pandemiasyna garşy göreşýärkä, ABŞ-nyň sanksiýalarynyň bes edilmegi barada beren çagyryşlaryna gulak asmazlygyna garşylyk görkezdi.

Zarif “ABŞ Eýranyň halkynyň ýogalmagyndan hoşal we buýsanýar. Siz betpäl syýasatlaryňyz bilen ýatlanarsyňyz, emma Eýran ýykylmaz” diýdi.

Günorta Koreýada Kowid-19 sebäpli ýogalanlaryň sany 6 adama, hasaba alynanlaryň sany 100 adama ýetdi.

Russiýada Kowid-19 sebäpli ýene-de 54 adamyň hasaba alynmagy bilen jemi kesellileriň sany 253 adama ýetdi. Daşary işler ministrligi daşary ýurtlarda ýaşaýan rus raýatlarynyň ýurda getirilmegi üçin herekete geçdi.

Ysraýylda 88 ýaşyndaky 1 adamyň ýogalmagy bilen Kowid-19 sebäpli ilkinji ýitgi çekildi.

Birleşen Arap Emirliklerinde koronawirus sebäpli ilkinji gezek 2 adam ýogaldy.

Iordaniýada 69 adam Kowid-19 sebäpli hasaba alyndy. Ýurtda köçä çykmak gadagan edildi.

Tunisde koronawirus sebäpli hasaba alynanlaryň sany 54 adama ýetdi.

Gabonda Kowid-19 sebäpli ilkinji ýitgi çekildi.

Müsürüň, Günorta Afrikanyň we Marokkonyň başda durmagynda Afrika ýurtlarynda Kowid-19 sebäpli ýogalanlaryň sany 23 adama, hasaba alynanlaryň sany 900 adama ýetdi.


Etiketkalar: #Russiýa , #Eýran , #koronawirus

Degişli Habarlar