ABŞ Yrakdaky Al Kaim harby bazasyny, Yragyň howpsyzlyk güýçlerine tabşyrdy

"Koalisiýa güýçleri, Al Kaim harby bazasyny Yragyň howpsyzlyk güýçlerine tabşyrdy”

1380223
ABŞ Yrakdaky  Al Kaim harby bazasyny, Yragyň howpsyzlyk güýçlerine tabşyrdy

ABŞ Yragyň günbataryndaky Al Kaim harby bazasyny, Yragyň howpsyzlyk güýçlerine tabşyrdy

ABŞ-nyň öňbaşçylygyndaky DAIŞ-e garşy halkara koalisiýa güýçleri tarapyndan berlen beýanatda, “Koalisiýa güýçleri, Al Kaim harby bazasyny Yragyň howpsyzlyk güýçlerine tabşyrdy” diýildi.

Beýanatda, DAIŞ-e garşy göreşde üstünlik gazanylmagy bilen ABŞ-nyň üstümizdäki ýylyň dowamynda Yrakdaky harby bazarlary meselesinde möhüm karar kabul etjekdigi nygtaldy.

ABŞ-nyň Yrakdaky harby bazalaryna garşy soňky döwürde ýygy ýygydan raketa hüjümleriniň guralmagyndan soň Al Kaim harby bazasynyň gözegçiliginiň Yragyň howpsyzlyk güýçlerine tabşyrylmagy ünsleri özüne çekdi.

Yragyň paýtagty Bagdadyň demirgazygyndaky Taji harby bazasyna soňky iki hepde-de iki raketa hüjümi guralypdy.

Raketa hüjümlerinde 2-i amerikaly, 1i britaniýaly bolmak bilen 3 esger ýogalypdy, 14 esger ýaralanypdy.


Etiketkalar: #koalisiýa , #ABŞ , #harby baza

Degişli Habarlar