Tramp bilen Şazada Salman energetika bazarynda başdan geçirilýän soňky wakalar hakynda pikir alyşdy

Donald Tramp Saud Arabystanynyň Mirasdar Şazadasy Salman bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi

1376441
Tramp bilen Şazada Salman energetika bazarynda başdan geçirilýän soňky wakalar hakynda pikir alyşdy

 

Ak Tamdan berlen beýanata görä, ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp Saud Arabystanynyň Mirasdar Şazadasy Muhammed Bin Salman bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Tramp bilen Salman telefon söhbetdeşliginde halkara energetika bazarlarynda başdan geçirilýän soňky wakalar bilen birlikde özara gatnaşyklar hakynda pikir alyşdy.

Tramp duşenbe güni Nýu-Ýork biržasynda gymmatly kagyzlaryň hümmetiniň aşaklamagyndan soň beren beýanatynda “Saud Arabystany bilen Russiýanyň arasynda nebitiň nyrhy hakynda käbir jedelleşikler bar we şuňa meňzeş ýalan habarlar biržalaryň aşaklamagyna sebäp bolýar” diýipdi.

 

 

 



Degişli Habarlar