Angela Merkel türk esgerlerine garşy guralan hüjümi ýazgardy

Erdogan bilen Germaniýanyň Federal Kansleri Merkel düýn telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi

1368900
Angela Merkel türk esgerlerine garşy guralan hüjümi ýazgardy

Prezident R. T. Erdogan bilen Germaniýanyň Federal Kansleri Angela Merkel düýn telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Kommunikasiýalar edarasyndan berlen beýanata görä, Erdogan bilen Merkel Siriýanyň Idlib welaýatynda başdan geçirilýän soňky wakalar we Siriýa krizisi bilen birlikde sebitara we halkara meseleler hakynda pikir alyşdy.

Nemes hökümetiniň metbugat geňeşçisi Steffen Seibert iki lideriň arasyndaki telefon söhbetdeşligi hakynda beren ýazmaça beýanatynda, Merkel bilen Erdoganyň Idlibdäki soňky wakalar hakynda pikir alyşandygyny nygtady.

Angela Merkeliň Idlibde guralan hüjümlerde ýogalan esgerlere gynanç bildirendigini aýdan Seibert, “Federal Kansler Angela Merkel türk esgerlerine garşy guralan hüjümi ýazgardy we Siriýanyň hökümeti bilen tarapdarlaryna hüjümlerini gyssagly bes etmekleri üçin çagyryş berdi” diýdi.

Seibert, iki lideriň hüjümleriň bes edilmegi üçin täze ylalaşygyň gysga wagtda gazanylmagy we syýasy gepleşikleriň başlamagy meselesinde şol bir garaýşa eýedigini nygtady.



Degişli Habarlar