“Erdogan bilen Putiniň arasynda gazanylan ylalaşyklar güýjüni saklaýar”

Russiýanyň Daşary işler ministri Lawrow Türkiýe bilen gazanylan ylalaşyklaryň güýjüni saklaýandygyny aýtdy

1368467
“Erdogan bilen Putiniň arasynda gazanylan ylalaşyklar güýjüni saklaýar”

Russiýanyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow Siriýanyň Idlib welaýaty meselesinde Prezident R.T.Erdogan bilen Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putiniň arasynda gazanylan ozalky ylalaşyklaryň güýjüni saklaýandygyny aýtdy.

Lawrow düýn Idlibde hökümetiň guran hüjüminde 33 türk esgeriniň şehit bolmagyndan soň beren beýannamasynda: “Türkiýä duýgudaşlyk bildirýäris” diýdi.

“Idlib meselesinde Putin bilen Erdoganyň arasyndaky ylalaşyklar güýjüni saklaýar” diýen Lawrow: “Düýnki koordinatlar Siriýanyň goşunyna berilipdi. Hüjüm edilen türk güýçleri hakynda maglumat ýokdy. Başdan geçirilenler Idlib ylalaşygynyň biz tarapyndan bozulmagy däl” diýdi.

Türkiýä duýgudaşlyk bildirendiklerini nygtan Sergeý Laworow: “Idlibde dartgynlygy azaldyş zolagynda iş alyp barýan türk esgerleriniň howpsyzlygy üçin işleşmäge dowam ederis. NATO-nyň maslahat geçirmegini islemek Türkiýäni legal hakydyr” diýdi.

 



Degişli Habarlar