Täze Zelandiýada, Hytaýa goýlan syýahat gadagançylygynyň möhledi ýene-de 8 gün uzadyldy
Demirgazyk Koreýada hem daşary ýurtly 380 adam karantin astyna alyndy
![Täze Zelandiýada, Hytaýa goýlan syýahat gadagançylygynyň möhledi ýene-de 8 gün uzadyldy](http://cdn.trt.net.tr/images/xlarge/rectangle/a481/8a52/f6af/5e53ab4a431e2.jpg?time=1719316719)
Täze Zelandiýada, Hytaýyň Uhan şäherinde ýüze çykan we dünýäniň çar tarapyna ýaýran Kowid-19 epidemiýasyna garşy Hytaýa goýlan syýahat gadagançylygynyň möhledi ýene-de 8 gün uzadyldy.
Täze Zelandiýanyň Premýer ministri Ardern, Hytaýa goýlan 14 günlük syýahat gadagançylygynyň möhlediniň ýene-de 8 gün uzadylandygyny aýtdy.
Demirgazyk Koreýanyň hem Kowid-19-yň Günorta Koreýada çalt depginde ýaýbaňlanýandygy sebäpli daşary ýurtly 380 adamyň karantin astyna alynandygy habar berildi.
Ýonhap habarlar gullugynyň berýän habaryna görä, Demirgazyk Koreýada karantin astyna alynanlaryň esasy bölegi diplomatlardan ybarat.
Degişli Habarlar
![Blinken Gallant Bilen Duşuşdy](http://cdn.trt.net.tr/images/medium/rectangle/18e5/01bb/2665/667a74d1c4994.jpg?time=1719316720)
Blinken Gallant Bilen Duşuşdy
ABŞ-nyň Döwlet sekretary Entoni Blinken Ysraýylyň Goranmak ministri Ýoaw Gallant bilen duşuşdy.