Asada tabynlykdaky güýçler Idlibde mekdeplere hüjüm gurady

Siriýada Başar Asada tabynlykdaky güýçleriň Idlibdäki mekdeplere guran hüjüminde 4 adam ýogaldy

1366199
Asada tabynlykdaky güýçler Idlibde mekdeplere hüjüm gurady

Asada tabynlykdaky güýçlerden we Eýran tarapyndan goldanýan terrorçy toparlardan ybarat harby güýçler, Idlib şäheriniň merkezine gury ýerden hüjümler gurady. 

Hüjümlerde asuda ilatyň ýaşaýan ýerleri bilen birlikde şeýle hem mekdeplere hüjümler guraldy. 

Alynan maglumata görä, hüjümde ýogalan 4 adamyň 2-si mugallym, 1-i bolsa okuwçy. 

Harby oppozisionerlere degişli uçar gözegçilik öýüniň berýän habaryna görä, Russiýa degişli harby uçarlar hem Idlibiň şäher merkezini bombalady. 

Asada tabynlykdaky güýçleriň we Russiýanyň guran soňky hüjümlerinde şeýle hem asuda ilatdan 12 adam ýaralandy. 



Degişli Habarlar