Hytaýda koronawirus epidemiýasy sebäpli ýogalan adamlaryň sany 2 müň 594-e ýetdi

Hytaýyň Milli Saglygy goraýyş komissiýasy mesele bilen bagly beýanat berdi

1364847
Hytaýda koronawirus epidemiýasy sebäpli ýogalan adamlaryň sany 2 müň 594-e ýetdi

Hytaýyň Milli Saglygy goraýyş komissiýasyndan berilen ýazmaça beýanata görä, ýurtda soňky 24 sagatda täze görnüş koronawirus (Kovid-19) epidemiýasy sebäpli ýene-de 150 adam ýogaldy, ýene-de 409 adamda bolsa koronawirusyň bardygy anyklandy.

Şeýlelik bilen ýurtda jemi adam ýitgisi 2-si Gonkongda bolmak bilen jemi 2 müň 594-e ýeten bolsa, koronawirus bilen kesellän adamlaryň sany bolsa 77 müň 150-ä ýetdi.

Ýurdyň resmilerini wirusyň ýaýramgyny tutanýerli bir ýagdaýda öňüni almaga çagyran Si Szinpin, epidemiýanyň özleri üçin uly bir krizis we uly bir synagdygyny belläp, koronawirus epidemiýasynyň Komunist partiýanyň 1949-njy ýylda hökümetiň başyna geçeninden bäri iň çalt ýaýran we iň kyn ýagdaýda öňi alynýan adatdan daşary bir ýagdaýdygyny aýan etdi.

Beýleki tarapdan Ýewropa Bileleşigine agza käbir ýurtlar, täze görnüş koronawirus epidemiýasyna garşy göreş maksady bilen Hytaýa maska, ellik we dezinfisirleýän serişdeler ýaly käbir zatlar babatynda kömek berdiler.

ÝB Komissiýasyndan berilen ýazmaça beýanatda, Komissiýa bilen birlikde Awstriýa, Çehiýa, Wengriýa we Sloweniýa ýaly ýurtlaryň täze görnüş koronawirus (Kovid-19) epidemiýasyna garşy göreş maksady bilen Hytaýa 25 müň tonna saglygy goraýyş serişdelerini ugradandygy aýan edildi.


Etiketkalar: #ÝB , #koronawirus , #kesel , #Hytaý

Degişli Habarlar