Owganystanda soňky 5 ýylda 4 million adam ýerini terk etdi

“Soňky 5 ýylda çaknyşyklar we ykdysady kynçylyklar sebäpli ýurtda jemi 4 million adam öýlerini terk etdi”

1364400
Owganystanda soňky 5 ýylda 4 million adam ýerini terk etdi

 

Owganystanyň Migrantlar ministri Saýed Hüseýin Alimi Belhi, paýtagt Kabulda eden beýanatynda, ministrligiň ýurtdaky içerki migrantlaryň başdan geçirýän kynçylyklaryny çözmek üçin tagalla edýändigini aýtdy.

Ýurtda dowam edýän içerki urşuň migrantlaryň sanynyň artmagyna sebäp bolýandygyny aýdan Belhi, “Soňky 5 ýylda çaknyşyklar we ykdysady kynçylyklar sebäpli ýurtda jemi 4 million adam öýlerini terk etdi” diýdi.

Ministr Belhi şol 5 million migrantdan diňe 2 million adama kömek berlendigini ýatlatdy.

Owganystanyň esasy kynçylyklaryndan biriniň migrantlar meselesidigini aýdan Belhi, ýurtda parahatçylyk ýola goýlan halatynda bu meseläniň hem çözüljekdigine ynanýandygyny belledi.

 

 

 

 

 

 

 



Degişli Habarlar