Hytaýda koronawirus sebäpli ýogalýan adamlaryň sany artýar

Hytaýda täze görnüş koronawirus epidemiýasy (Kovid-19) sebäpli ýogalýan adamlaryň sany 2444-e ýetdi

1364537
Hytaýda koronawirus sebäpli ýogalýan adamlaryň sany artýar

Hytaýyň Milli Saglygy goraýyş komissiýasyndan berilen beýanata görä, täze görnüş koronawirus epidemiýasynyň (Kovid-19) ýokan adamlarynyň sany 10 müň 968-siniň ýagdaýy agyr bolmak bilen jemi 76 müň 936-a ýetdi.

Soňky 24 sagatda ýene-de 648 adama wirusyň ýokan we 97 adamyň ýogalan Hytaýda, koronawirus sebäpli ýogalan adamlaryň sany 2-si Gonkongda bolmak bilen jemi 2444-e ýetdi.

Şonuň bilen birlikde wirus ýokandygy çak edilen adamlaryň sany 4 müň 148-e, bejergi astyna alynan adamlaryň sany bolsa 106 müň 89-a çenli azaldy.

Şu günki güne çenli saglyk ýagdaýy gowylanyp öýlerine iberilen adamlaryň sany bolsa 22 müň 888-e ýetdi.


Etiketkalar: #ýer titreme , #Hytaý

Degişli Habarlar