Hytaýda koronawirus epidemiýasy sebäpli ýogalan adamlaryň sany 2 müň 347-ä ýetdi

Hytaýda täze görnüş koronawirus epidemiýasy (Kovid-19)  sebäpli ýogalan adamlaryň sany 2 müň 347-ä ýetdi

1364219
Hytaýda koronawirus epidemiýasy sebäpli ýogalan adamlaryň sany 2 müň 347-ä ýetdi

Hytaýyň Milli Saglygy goraýyş komissiýasyndan berilen beýanata görä, wirusyň ýurtda soňky 24 sagatda ýene-de 397 adama ýokandygy, koronawirus ýokan adamlaryň sanynyň şeýlelik bilen 11 müň 744-siniň saglyk ýagdaýy agyr bolan jemi 76 müň 288-e ýetendigi mälim edildi.

Şonuň bilen baglylykda soňky 24 sagatda ýene-de 109 adamyň ýogalandygy habar berilip, täze görnüş koronawirus epidemiýasy (Kovid-19)  sebäpli ýogalan adamlaryň sanynyň häzirki wagta çenli jemi 2347-ä ýetendigi aýan edildi.

Mundan başgada wirus ýokandygy çak edilýän adamlaryň sany 5365-e, bejergi astyna alynan adamlaryň sany 113 müň 564-e, şu güne çenli ýagdaýy kadalaşyp öýlerine ugradylan adamlaryň sany bolsa 20 müňden geçdi.


Etiketkalar: #koronawirus , #Hytaý

Degişli Habarlar