Gani howpsyzlyk güýçlerine Talibana garşy geçirilýän operasiýalary bes etmek barada buýruk berdi

Owganystanyň Prezidenti Aşraf Gani, Howpsyzlyk güýçlerine Talibana garşy geçirilýän operasiýalary bes etmek barada buýruk berdi

1364284
Gani howpsyzlyk güýçlerine Talibana garşy geçirilýän operasiýalary bes etmek barada buýruk berdi

Owganystanyň Prezidenti Aşraf Gani, ABŞ-Taliban ylalaşygynyň çäginde Howpsyzlyk güýçlerine terror guramasy Talibana garşy geçirilýän operasiýalary bes etmek barada buýruk berdi.

Aşraf Gani beren beýanatynda, terror guramasy Talibanyň Parahatçylyk ylalaşygynyň çäginde düýn gije ýerli wagt bilen sagat 24:00-dan başlap ýurdyň ähli ýerinde hüjümlerini azaltmak baradaky kararyndan hoşaldyklaryny habar berdi.

Aşraf Gani: “ABŞ-Taliban parahatçylyk ylalaşygyň çäginde Owganystanyň Howpsyzlyk güýçlerine Talibana garşy geçirilýän operasiýalary 1 hepdeligine bes etmek barada buýruk berýärin, ýurtda bar bolan beýleki terror guramalaryna garşy operasiýalarymyz bolsa dowam eder” diýip mälim etdi.

Aşraf Gani, ABŞ-Taliban Parahatçylyk ylalaşygyna gol çekilmeginden soň Owgan dialogynyň başlanmagyna hiç hili päsgelçiligiň galmajakdygyny, şomuň üçin bolsa halkyň ähli gatlagy bilen gepleşikerini dowam etdirýändigini aýan etdi.  

ABŞ-Taliban arasyndaky Parahatçylyk ylalaşygynyň netijesine görä Taliban, 22-nji fewraldan başlap 7 gün möhlet bilen terrorçylykly aksiýalaryny azaldar.

Taliban ýurtda guraýan hüjümleriniň sanyny azaldar.

ABŞ we Owganystanyň hökümeti ellerindäki Talibana agza bolan 5 müň başbozary, Taliban hem öz gezeginde zamun alan 1000 adamy azat etmegine garaşylýar.

Owganystandaky taraplaryň arasyndaky Owgan dialogy gepleşikleriniň bolsa zamun çalşygy etabynyň tamamlanmagyndan soň başlajakdygy mälim edildi.



Degişli Habarlar