Albaniýanyň Premýer ministri Edi Rama, Türkiýä minnetdarlyk bildirdi

Rama, ÝB-ne, Birleşen Arap Emirliklerine, Italiýa we Türkiýä beren kömekleri üçin sagbolsun aýtdy

1361377
Albaniýanyň Premýer ministri Edi Rama, Türkiýä minnetdarlyk bildirdi

Albaniýanyň Premýer ministri Edi Rama, 26-njy noýabrda bolan ýer titremesinden soň beren kömekleri üçin Türkiýä minnetdarlyk bildirdi.

Rama, Belgiýanyň paýtagty Brýusselde, Albaniýada bolan ýer titremesinden soň apatda ýitgi çekenlere goldaw bermek maksady bilen geçirlen Donorlaryň halkara maslahatyndan soň metbugata beýanat berdi.

Rama, ÝB-ne, Birleşen Arap Emirliklerine, Italiýa we Türkiýä beren kömekleri üçin sagbolsun aýtdy.

Albaniýanyň Premýer ministri Rama “Maslahatda Albaniýa 1,15 milliard ýewrolyk ýardamyň berilmegi barada karar kabul edildi we biz mundan gaty hoşal”diýdi.

Albaniýada 26-njy noýabrda bolan ýer titremesinde 51 adam ýogaldypdy, 3 müň adam ýaralanypdy.

 

 

 

 

 



Degişli Habarlar