Afriniň şäher merkezinde elde ýasalan bomba partlady

Siriýanyň Afrin şäheriniň merkezinde elde ýasalan bombanyň partlamagy netijesinde asuda ilatdan 8 adam ýogaldy, aralarynda çagalar hem bolan 7 adam bolsa ýaralandy

1356629
Afriniň şäher merkezinde elde ýasalan bomba partlady

Türkiýäniň Milli Goranmak ministrliginden berilen beýanatda, ekstremist terror guramasy PKK/ÝPG-nyň adamzat gymmatlyklaryndan daşda durýan hüjümleriniň ýene-de birini gurandygy mälim edildi. 

Beýanatda: "Afriniň şäher merkezinde mazut ýüklenen ulaglary elde ýasalan partlaýjy bomba bilen partladan terrorçylar, bigünä 8 adamy öldürdiler, aralarynda çagalar hem bolan jemi 7 adamy bolsa ýaraladylar" diýip habar berildi. 


Etiketkalar: #mazut , #bomba , #Afrin

Degişli Habarlar