Fransiýada Sary ýeňsizlileriň protestleri düýn hem dowam etdi

Fransiýada Sary ýeňsizliler, Prezident Emmanuel Makronyň ýolbaşçylygyndaky hökümetiň syýasatyny protest etmek maksady bilen ýene-de bir gezek köçelere çykdylar

1355824
Fransiýada Sary ýeňsizlileriň protestleri düýn hem dowam etdi

Ýangyjyň bahalarynyň gymmatladylmagyna we erbet ykdysady şertlere nägilelik bildirmek maksady bilen başlan, belli bir wagt soň bolsa Makronyň ýolbaşçylygyndaky hökümete garşy öwrülen Sary ýeňsizliler toparynyň protestleri eýýäm 65 hepde bäri dowam edýär.

Parižde Sary ýeňsizliler, Polisiýa gullugynyň gadagançylygyna garamazdan, Döwlet Geňeşiniň golaýyndaky Palais Roýal meýdançasyna ýygnandylar.

Beýleki bir topar bolsa Parižiň Sant Klod etrapçasyndan Pereire etrapçasyna çenli ýöriş gurady.

Giň gerimli howpsyzlyk çäreleriniň astynda geçirilen protestler hiç hili hadysasyz tamam boldy.

Parižiň Içeri işler edarasyndan berilen beýanatda, demonstrasiýada 32 adamyň göz tussaglygyna alynandygy we 140 adama rugsatsyz ýagdaýda protestlere gatnaşandygy sebäpli pul jerimesiniň kesilendigi aýan edildi.

Pul jerimesi kesilen adamlaryň arasynda Sary ýeňsizliler toparynyň lideri Erik Drue hem bar.

Ýurdyň Bordo şäherinde geçirilen protestlerde polisiýa işgärleri bilen demonstrantlaryň arasynda dartgynly pursatlar başdan geçirildi.

Polisiýa işgärleri demonstrantlara garşy gözüňi ýaşrdýan gaz, plastik bomba we dubinka ulandy.

Demonstrantlar bolsa birnäçe restoranyň we bankyň aýnalaryny döwdiler.



Degişli Habarlar