Hytaýda koronawirus sebäpli ýogalýan adamlaryň sany artýar

Hytaýda täze görnüş koronawirus (2019-nCoV) epidemiýasy sebäpli ýogalan adamlaryň sany 564-e, wirus ýokan adamlaryň sany bolsa 28 müň 18-e ýetdi

1354163
Hytaýda koronawirus sebäpli ýogalýan adamlaryň sany artýar

Hytaýyň Milli Saglygy goraýyş komissiýasyndan berilen beýanata görä, ýurtda barha ýaýbaňlanýan täze görnüş koronawirus (2019-nCoV) epidemiýasy sebäpli ýogalan adamlaryň sany 1-i Gonkongda 563-i Hytaýda bolmak bilen jemi 564-e ýetdi.

Wirus ýokan adamlaryň sany 3 müň 859-synyň ýagdaýy agyr bolmak bilen 28 müň 18-e, bejergi astyna alynan adamlaryň sany bolsa 186 müň 354-e ýetdi.

Täze görnüş koronawirus (2019-nCoV) epidemiýasy, ilkinji gezek Hubeý welaýatynyň Uhan şäherinde 12-nji dekabrda ýüze çykypdy.



Degişli Habarlar