Hytaýda Koronawirus epidemiýasyna garşy göreş maksady bilen hassahana guruldy

Hytaýyň Uhan şäherinde täze görnüş Koronawirus (2910-nCoV) epidemiýasyna garşy göreş maskady bilen 10 günde gurulan täze hassahana hyzmat bermäge başlady

1352175
Hytaýda Koronawirus epidemiýasyna garşy göreş maksady bilen hassahana guruldy

Hytaýyň Merkezi Telewideniýesiniň berýän habaryna görä, Koronawirus bilen kesellän adamlar üçin ýörite gurulan 1000 adamlyk hassahana, ýurdyň paýtagty Pekinde 2003-nji ýylda ýiti respirator näsaglygy bilen kesellän adamlar üçin gurulan hassahana meňzeş ýagdaýda guruldy.

50 müň ind metrlik bir meýdanda, 7 müň adamyň gatnaşmagynda gurulan 2 gatly hassahananyň 30 sany reanimasiýa bölümi bar.

Uhanda ozal 2 hepdäniň içinde gurulyp ulanylmaga beriljek 1500 adamlyk başga bir hassahananyň gurluşygy hem dowam edýär.

Hassahana düýn bolsa ýurdyň 4 şäherinden uçan 8 aýry uçar bilen 1400 harby lukman ugradylypdy.

Hytaýyň Milli saglygy goraýyş komissiýasyndan berilen beýanatda, ýurtda Koronawirus (2910-nCoV) epidemiýasy sebäpli 361 adamyň ýogalandygy, 17 müň 205 adama bolsa wirus ýokandygy aýan edildi.



Degişli Habarlar