Putin bilen Merkel Liwiýa meselesini maslahatlaşdy

Russiýanyň Döwlet baştutany Wladimir Putin, Germaniýanyň Federal Kansleri Angela Merkel bilen Liwiýa krizisini ara alyp maslahatlaşdy

1351130
Putin bilen Merkel Liwiýa meselesini maslahatlaşdy

Kreml köşgi tarapyndan berilen beýanatda, Putin bilen Merkeliň telefon arkaly söhbetdeşlik geçirendikleri habar berildi. 

Iki lideriň Berlindäki Liwiýa temaly maslahatda kabul edilen kararlaryň durmuşa geçirilmegi bilen baglanşykly meseleleri maslahatlaşandygy aýdylýan beýanatda, Putiniň Liwiýadaky taraplara kabul edilen kararlaryň koordinasiýasynyň gerekdigini aýdandygy bellendi. 

Beýanatda, liderleriň Liwiýada parahatçylygyň üpjün edilmegi we syýasy dialogyň başlanmagy üçin halkara jemgyýetiň tagallalaryny artdyrmalydyklaryny belländikleri aýan edildi. 

Ukrainadaky we Siriýadaky ýagdaýyň maslahatlaşylandygy aýdylýan beýanatda, Putiniň we Merkeliň ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň Ýakyn Gündogar Parahatçylyk meýilnamasy barasynda pikir alyşandyklaryna ünsler çekildi. 

 



Degişli Habarlar