Russiýanyň we Asada tabynlykdaky güýçleriň Idlibe guraýan hüjümleri dowam edýär

Guralan soňky hüjümlerde ýene-de 8 adam ýogaldy

1349957
Russiýanyň we Asada tabynlykdaky güýçleriň Idlibe guraýan hüjümleri dowam edýär

Siriýada Russiýanyň we Asada tabynlykdaky güýçleriň Idlibdäki asuda halkyň ýaşaýan ýerlerine guran soňky hüjümlerinde asuda ilatdan ýene-de 8 adam ýogaldy, 20-den gowrak adam ýaralandy.

Oppozisionerlere degişli gözegçilik öýi, Russiýanyň harby uçarlarynyň Keferlata, Han es Sübül, Merdih, Mardibse obalaryna howa hüjümler gurandygyny aýan etdi.

Asada tabynlykdaky güýçlere degişli harby uçarlar bolsa Serakib we Jisir eş Şugur etraplaryna, Kefrenbil etrapçasyna, Han es Sübül obasyna howa hüjümlerini gurady.

Alynan maglumata görä, Asada tabynlykdaky güýçleriň hüjümlerinde Serakibde 1 adam we Russiýanyň Keferlata obasyna guran hüjüminde bolsa 7 bolmak bilen asuda ilatdan jemi 8 adam ýogaldy.

Raýat goranyş toparyň agzalary ýaralanan adamlary golaýdaky hassahanalara bejergi üçin gönükdiren hem bolsa, ýogalan adamlaryň sanynyň artmagyna alada bildirýärler.



Degişli Habarlar