Koronawirus epidemiýasy dünýäde ýaýramaga dowam edýär

Hytaýyň Uhan şäherinde ýüze çykan täze görnüş koronawirus epidemiýasy dünýä ýurtlarynda ýaýramaga dowam edýär

1350441
Koronawirus epidemiýasy dünýäde ýaýramaga dowam edýär

Uhan şäherinden çykarylan ABŞ-nyň 201 raýaty Kaliforniýa ştatynda karantine alyndy. 

Täze Zelandiýanyň we Singapuryň hökümetleri hem, Hytaýyň Uhan şäherindäki raýatlaryny getirmek üçin işe girişdi. 

Resmi Pekin, epidemiýanyň öňüni almak üçin 55 milliona golaý adamy karantine aldy, emma ýogalan adamlaryň sany artýar. 

Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň Baş direktort Tedros Adhanom, wirusyň Germaniýada, Wýetnamda we Ýaponiýada adamdan adama ýokýandygy barada subutnamalaryň bardygyny habar berdi. 

Adhanom, wirusyň derňelmegi üçin dörediljek halkara bir toparyň Hytaýa gitjekdigini mälim etdi. 

Beýleki tarapdan bolsa Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň adatdan daşary ýagdaý komitedi, Global adatdan daşary ýagdaý yglan etmek bilen bagly meseläni maslahatlaşmak üçin ýygnanar. 

Aralarynda British Airways we Lufthansa ýaly howaýollary kärhanalary hem bolan köp sandaky howaýollary kärhanalary hem Hytaýa uçar saparlaryny goý bolsun etdi. 

Soňky gezek bolsa Kanadanyň Air Kanada howaýollary kärhanasy Pekine we Şanhaýa guralan ähli uçar gatnawlaryny goý bolsun etdi.  

Beýleki tarapdan Hytaýyň Ykdysadyýet ministrligi, epidemiýa garşy göreş maksady bilen 3,9 milliard dollarlyk gaznanyň bölünip aýrylandygyny habar berdi. 

Wirusa garşy sanjym tapmak bilen bagly tagallalar hem dowam edýär. 

Sanjymyň taýarlanylmagy üçin bolsa azyndan 1,5 aý wagt gerekdigi aýdylýar. 

Sanjym tapmak üçin işler alyp barýan Awstraliýanyň Ýokanç we Immunitet instituty bolsa, koronawirusyň Hytaýdan soň ilkinji gezek laboratoriýada özgerdilendigini mälim etdi. 

Häzirki wagtda bar bolan käbir dermanlaryň koronawirusa garşy bejergilerde ulanylýandygy aýan edildi. 

Dermanlaryň ähli syrkawlarda ulanylmagy üçin bolsa ygtyýarlandyrma etabynyň başlandygy habar berildi. 

Hindistanda we Filippinlerde hem, Hytaýyň Uhan şäherinde ýüze çykan we epidemiýa öwrülen täze görnüş koronawirusa gabat gelinendigi tassyklandy. 

Beýleki tarapdan bolsa Russiýa täze görnüş koronawirus epidemiýasy sebäpli Hytaý bilen bolan serhetlerini ýapmak we Hytaýyň raýatlaryna wiza çäklendirmesini getirmek barada karar kabul etdi. 

 



Degişli Habarlar