Hytaýyň goňşulary koronawirusa garşy çäreler gördüler

Goňşy döwletler raýatlaryny Hytaýa sapar etmezlige çagyrýar

1346873
Hytaýyň goňşulary koronawirusa garşy çäreler gördüler

Hytaýyň Wuhan şäherinde ýüze çykan täze görnüşli koronawirus (2019-nCoV) epidemiýasy sebäpli Hytaýa goňşy we geografik taýdan ýakyn bolan Russiýa, Gazagystan, Gyrgyz Respublikasy, Özbegistan we Täjigisdäki käbir çäreler gördüler.

Russiýanyň Federatiw Weterinarlyk we ösümlik saglygy gullugy Hytaýda epidemiýa sebäp bolan täze görnüşli koronawirusynyň Russiýada ýüze çykmandygyny beýan eden bolsa, rus raýatlaryna “Hytaýa gitmezlikleri” barada duýduryş berdi.

Russiýa howa menzillerinde koronawirus epidemiýasyna garşy çäreleri hem görmäge başlady.

Gazagystanda howa menzillerinde we serhet geçelgelerinde karantina hyzmatlary berkidildi, soňky günlerde ýurda Hytaýdan gelen 13 müň ýolagçy termal kameralar bilen barlandy.

Gazagystanda-da häzirki wagta çenli koronawirus wakasy ýüze çykmady. Raýatlara Hytaýa gitmezlikleri üçin duýduryş berildi.

Gyrgyz Respublikasy bolsa raýatlaryna koronawirusyň ýokaşmagy ähtimal ýerlere gitmeklerini çäklendirmekleri, süýt, et we deňiz önümlerinden çetde durmaklaryny, gigienanyň kadalaryny gyşarnyksyz berjaý etmekleri üçin duýduryş berdi.

Özbegistanyň howa menzillerinde-de Hytaýdan gelýän ýolagçylar termal kameralar bilen barlanýar. Wirusologiýa institutynda koronawirusy ýokaşan näsaglar üçin ýörite otaglar taýarlandy.

Täjigistanyň “Somor Air” howa ýollary Hytaýa gatnawyny bes eden bolsa, Hytaýyň “South Airlines” kompasiýa Täjigistana saparlaryny bes etdi.



Degişli Habarlar