Putin Ministrler kabinetiniň mejlisiniň düzümini tassyklady

Russiýanyň Döwlet baştutany Wladimir Putin, ýurdyň Premýer ministri Mihail Mişustiniň hödürlän Ministrler kabinetiniň mejlisiniň düzümini tassyklady

1345246
Putin Ministrler kabinetiniň mejlisiniň düzümini tassyklady

Russiýanyň Döwlet baştutany Wladimir Putin tarapyndan tassyklanan täze düzümde Daşary işler ministri Sergeý Lawrow, Goranmak ministri Sergeý Şoýgu, Energetika ministri Aleksandr Nowak, Içeri işler ministri Wladimir Kolokoltsew öz ýerlerinde galan hem bolsa, Ykdysadyýet, Adalat, Sport we Medeniýet ministrleri üýtgedi.

Russiýanyň Wise-premýeri we Maliýe ministri Anton Siluanow Maliýe ministr wezipesinde galyp, Wise-premýer ministr wezipesine Putiniň ykdysadyýet boýunça maslahatçysy Andreý Belousow bellendi.

Täze hökümetde Ykdysady galkynyş ministri wezipesine bolsa Maksim Oreşkiniň ýerine Permyň gubernatory Maksim Reşetnikow bellendi.

Tassyklanan Ministrler kabinetiniň mejlisiniň düzümindäki Wise-premýerleriň sany 10-dan 9-a çenli azaldylyp, Belousow bilen birlikde bu wezipä Dmitriý Grigorenko, Ýuriý Trutnew, Wiktoriýa Abramçenko, Ýuriy Borisow, Tatýana Golikowa, Alekseý Owerçuk, Marat Khusnullin we Dmitriý Çernişenko bellendi.

Ozalky Sport ministriniň ýerine Oleg Matytsin, Medeniýet ministriniň ýerine Olga Lýubimowa, Adalat ministriniň ýerine bolsa Konstantin Çuýçenko bellendi.
 



Degişli Habarlar