Çawuşogly Asada tabynlykdaky güýçleriň Idlibe guraýan hüjümleri barada beýanat berdi

Mewlüt Çawuşogly Bütindünýä Ykdysady Forumyna gatnaşmak maksady bilen Şweýsariýanyň Dawos şäherçesine bardy

1344804
Çawuşogly Asada tabynlykdaky güýçleriň Idlibe guraýan hüjümleri barada beýanat berdi

Türkiýäniň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, Başar Asada tabynlykdaky güýçleriň Idlib sebitinde asuda ilata garşy guraýan hüjümlerini dowam etdiren halatynda, emele geljek bosgun akymynyň öňüniň alynyp bilnmejekdigini aýan etdi.

Mewlüt Çawuşogly Bütindünýä Ykdysady Forumyna gatnaşmak maksady bilen Şweýsariýanyň Dawos şäherçesine bardy.

Foruma gatnaşýan Türkiýäniň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, hususy telewideniýe kanallaryň birinde soraglara jogap berdi.

Mewlüt Çawuşogly, Asada tabynlykdaky güýçleriň Siriýanyň Idlib sebitinde asuda ilata garşy guraýan hüjümleriniň üstünde durup geçdi.

Çawuşogly: “Hormatly Prezidentimiz görkezijiler bilen meseläniň ululygyny Russiýanyň Döwlet baştutany Wladimir Putine düşündirdi. Asada tabynlykdaky güýçleri duruzmak gerek. Duşuşykda Hormatly Putine ýürekden we açyk bir ýagdaýda  hüjümleriň hökmany ýagdaýda bes edilmeginiň gerekdigini beýan etdi. Halkara jemgyýete hem şol çagyryşy berdik” diýip habar berdi.

Idlibden bolmagy ähtimal bosgun akymy howpy bilen bagly bolsa Çawuşogly: “Islegimiz ýerlerinden göçürilen adamlara Idlibiň serhetleriniň çäginde goldaw berip bilmek. Adamlaryň ýaşamaklary üçin çadyr düşülgeleriň gurulmagy üçin tagalla edýäris. 4 milliona golaý adam bar. Hüjümler dowam eden halatynda millionlarça adam gapymyza geler. Munyň hötdesinden gelip bilmeris. Günbatar hem hötdesinden gelip bilmez. Edilmeli ýeke täk zat hüjümleriň bes edilmegi” diýip mälim etdi.



Degişli Habarlar