BMG ÝPG/PKK terrorçylarynyň çagalardan söweşiji hökmünde peýdalanýandygyny mälim etdi

Bu barada BMG-niň Adam hukuklary geňeşiniň habarnamasynda beýan edilýär

1342370
BMG ÝPG/PKK terrorçylarynyň çagalardan söweşiji hökmünde peýdalanýandygyny mälim etdi

BMG-niň Adam hukuklary geňeşi ekstremist terror guramasy ÝPG/PKK terrorçylarynyň çagalardan söweşiji hökmünde peýdalanýandygy hakynda täze delilleri çap etdi.

Geňeş sebitdäki çagalar hakynda “Çagalaryň arzuw-hyýallaryny ellerinden aldylar: Siriýada çaga hukuklary” atly habarnamany çap etdi.

Ekstremist terror guramasy ÝPG/PKK-nyň 18 ýaşyna ýetmedik gyzlary we oglanlary gurama kabul edýändigi beýan edilýän habarnamada, oglanlaryň we gyzlaryň Halapda, Hasakada, Aýnal Arabda we Rakkada gurama tarapyndan peýdalanylýandyklarynyň delillendirilendigi nygtalýar.

Çagalaryň ýaraglandyrylandyklary barada maglumat beren çeşmelerden biriniň, ýarag uly bolandygy üçin 10 ýaşly çaganyň kalaşnikowy nähili süreýändigini gürrüň berendigi bellenilýär.

ÝPG terrorçylarynyň çagalaryny hökümetiň mekdebine beren maşgalalary gorkuzýandygyna üns çekilýän habarnamada; “Geňeş ýerli edaralaryň türk edaralarynyň goldawy bilen türk dilinde bilim berýän Afrindäki, Babdaky we Jarablusdaky mekdeplerde okadylýan okuw maksatnamasyndan peýdalanylmagyny goldaýandygyny beýan edipdi.

Habarnamada geňeşiň ABŞ-nyň ýolbaşçylyk edýän halkara hyzmatdaşlygynyň howa hüjümleriniň asuda ilata ýetirýän ýaramaz täsirine alada bildirilýär.



Degişli Habarlar