Asada tabynlykdaky güýçleriň we Russiýanyň soňky 2,5 aýda guran hüjümlerinde 313 adam ýogaldy

382 müň adam hem ýerini terk etmeli boldy

1342146
Asada tabynlykdaky güýçleriň we Russiýanyň soňky 2,5 aýda guran hüjümlerinde 313 adam ýogaldy

Siriýada Asada tabynlykdaky güýçleriň we Russiýanyň Idlibde soňky 2,5 aýda guran hüjümlerinde 100-i çaga bolmak bilen jemi 313 adam ýogaldy.

Asada tabynlykdaky güýçleriň, Eýran tarapyndan goldanýan terrorçy toparlarynyň we Russiýanyň 2019-njy ýylyň noýabr aýyndan bäri Idlibde çaknyşyksyz zolakda 100-i çaga asuda ilatdan jemi 313 adam ýogaldy, 382 müň adam hem ýerini terk etmeli boldy.

Ady agzalýan döwürde 48 metjit, 51 mekdep, 15 saglygy goraýyş desgasy, 11 çadyr şäherçe we 14 bazar ýeri nyşana alyndy.

Hüjümlerde maddy taýdan 322 million dollarlyk ýitgi çekildi.


Etiketkalar: #mekdep , #desga , #Idlib , #asuda ilat

Degişli Habarlar