Britaniýanyň Eýrandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Tährany terk etdi

"Britaniýanyň ilçisi halkara kadalara laýyklykda Eýrany terk etdi"

1341286
Britaniýanyň Eýrandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Tährany terk etdi

 

Tasnim habarlar gullugynyň berýän habaryna görä, Ukrainanyň howa ýollaryna degişli ýolagçy uçarynda ýogalanlar üçin Tähranda geçirlen hatyralama çäresine gatnaşandygy sebäpli saklanan Britaniýanyň Eýrandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Rob Makkera Eýrany terk etdi.

Habarda Britaniýanyň ilçisiniň “halkara kadalara laýyklykda Eýrany terk edendigi” nygtaldy.

Eýran tarapyndan ýalňyşlyk bilen urlup düşürlen Ukraina degişli ýolagçy uçarynda ýogalanlar üçin geçirlen hatyralama çäresine gatnaşan iňlis ilçisi Makkera, 11-nji ýanwarda käbir radikal we meçew beriji guramaçylyklara gatnaşandygy sebäpli Eýranyň howpsyzlyk güýçleri tarapyndan saklanypdy.

Britaniýanyň Daşary işler ministrligi, ilçiniň saklanmagynyň halkara hukugyna bap gelmeýändigini mälim edipdi.

Eýran bolsa iňlis ilçisiniň Tähranda bikanun ýagdaýda geçirlen ýörişlere gatnaşandygy sebäpli resmi Londona protest notasyny beripdi.

 

 

 



Degişli Habarlar