Russiýa: "Hafter ylalaşyk üçin 2 gün möhlet isledi" diýip mälim etdi

Halife Hafter ylalaşyk gazanylmagyna oňyn garaýar

1340820
Russiýa: "Hafter ylalaşyk üçin 2 gün möhlet isledi" diýip mälim etdi

Liwiýa bilen bagly gepleşikleriň dowam edýändigini aýdýan Russiýa, Halife Hafteriň ylalaşyk gazanylmagyna oňyn garaýandygyny we 2 gün möhlet isländigini habar berdi

Russiýanyň paýtagty Moskwada düýn 8 sagat dowam eden Liwiýa bilen bagly gepleşiklerden oňyn netije alynmady. 

Gepleşikler boýunça üstünde ylalaşyk gazanylan tekste Liwiýanyň gündogaryny öz gözegçiligi astynda saklaýan huntaçy Halife Hafter gol çekmedi. 

Russiýanyň Goranmak ministrligi Moskwany terk eden Halife Hafteriň ylalaşyga oňyn garaýandygyny, emma sebitdäki hyzmatdaşlary bilen maslahatlaşmak üçin 2 gün möhlet isländigini aýan etdi. 

 



Degişli Habarlar