Pakistanyň Daşary işler ministri Eýranda saparda bolýar

Zarif bilen Kureýşi özara gatnaşyklar bilen birlikde sebitara meseleler hakynda pikir alyşdy

1339673
Pakistanyň Daşary işler ministri Eýranda saparda bolýar

 

Resmi sapar bilen Eýrana baran Pakistanyň Daşary işler ministri Şah Mahmud Kureýşi, paýtagt Tähranda kärdeşi Mahmud Jawad Zarif bilen duşuşdy.

Eýranyň Daşary işler ministrliginden berlen beýanata görä, Zarif bilen Kureýşi özara gatnaşyklar bilen birlikde sebitara meseleler hakynda pikir alyşdy.

Beýanatda Pars aýlagynda dartgynlygyň ortadan aýrylmagy meselesiniň hem gün tertibine getirlendigi nygtaldy.

Pakistanyň Daşary işler ministri Şah Mahmud Kureýşi resmi saparynyň çäginde düýn agşam hem Prezident Hasan Ruhani tarapyndan kabul edilipdi.

 



Degişli Habarlar