Eýranyň ýere gaçyran Ukraina degişli uçar heläkçiliginde ýogalan 50 adamyň şahsyýeti anyklandy

Eýran tarapyndan od açylyp, ýere gaçyrylan Ukraina degişli uçar heläkçiliginde ýogalan 50 adamyň şahsyýeti anyklandy

1339995
Eýranyň ýere gaçyran Ukraina degişli uçar heläkçiliginde ýogalan 50 adamyň şahsyýeti anyklandy

Eýranyň Sud-medesina edarasynyň başlygy Abbas Mesjidi, raketa bilen od açylyp ýere gaçyrylan Ukraina degişli uçarda ýogalan 176 adamyň 50-siniň şahsyýetleriniň anyklanandygyny habar berdi. 

Eýranly Talyplar habar agentligi ISNA-nyň berýän habaryna görä, ýurdyň paýtagty Tähranda metbugat ýygnagyny geçiren Mesjidi: "Jesetlerden alynan 800 nusga derňeldi, 50 adamyň şahsyýeti anyklandy" diýip habar berdi. 

Mesjidi ýogalan beýleki adamlaryň şahsyýetleriniň iň gysga wagtda anyklanmagy üçin hünärmenleriň işlerini dowam etdirýändigini mälim etdi. 

Ukrainanyň paýtagty Kiýew şäherine gitmek maksady bilen Tähran şäherindäki Halkara Ymam Humeýni howa menzilinden uçan Boeing 737 kysymly ýolagçy uçar, 8-nji ýanwarda çarşenbe güni uçanyndan gysga wagt soň ýere gaçypdy we uçaryň düzümindäki 176 adam ýogalypdy.

Uçaryň Eýranyň goşuny tarapyndan raketa bilen od açylyp ýere gaçyrylmagy baradaky öňe sürmelere garşy çykan resmi Tähran, wakadan 3 gün soň, ýolagçy uçaryň raketa hökmünde kabul edilendigini we gysga aralykly raketa bilen ýalňyşlyk bilen od açylyp ýere gaçyrylandygyny boýun aldy.


Etiketkalar: #uçar , #Eýran

Degişli Habarlar