Eýran, ABŞ-nyň şertsiz gepleşik teklibini kabul etmedi

“Ykdysady sanksiýalar bes edilmän we eýranyň halkyna garşy duşmançylykly syýasatdan ýüz öwrülmän halatynda gepleşik stoluna oturmarys”

1338861
Eýran, ABŞ-nyň şertsiz gepleşik teklibini kabul etmedi

 

Eýran, ABŞ-nyň şertsiz gepleşik teklibini kabul etmeýändigini mälim etdi.

Eýranyň BMG-nyň ýanyndaky hemişelik wekili Mejit Rawançi, ýurdy bilen ABŞ-nyň arasyndaky dartgynlyk barada CNN telewideniýesine beýanat berdi.

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň “Eýran duran ýaly görünýär” diýen beýanatyna jogap beren Rawançi, “ABŞ-nyň harby güýçlerine garşy harby operasiýa etabyny tamamladyk. ABŞ ýene hüjüm guran halatynda degişli jogaby bereris” diýdi.

Rawançi öldürlen eýranly general Kasym Süleýmana guralan hüjümiň meýilleşdirlen we amala aşyrlan ýeri bolan ABŞ-nyň Yrakdaky harby bazasyny bombalandyklaryny aýtdy.

ABŞ-nyň şertsiz gepleşik teklibi barada hem durup geçen Rawançi, “Ykdysady sanksiýalar bes edilmän we eýranyň halkyna garşy duşmançylykly syýasatdan ýüz öwrülmän halatynda gepleşik stoluna oturmarys” diýdi.

ABŞ-nyň BMG-nyň ýanyndaky hemişelik wekili Kelly Greft bolsa, BMG-nyň Howpsyzlyk geňeşine ýazan hatynda, Eýrana “ABŞ, halkara howpsyzlyga we parahatçylyga abanýan howpyň we Eýranyň hökümetiniň dartgynlygyň möwjemegine sebäp bolan hereketleriniň öňüniň alynmagy üçin Eýran bilen şertsiz gepleşiklere taýar”diýmek bilen Eýrana gepleşik geçirilmegini teklip edipdi.

 

 

 

 

 


Etiketkalar: #Eýran , #ABŞ , #teklip , #gepleşik

Degişli Habarlar