Pakistan ABŞ bilen Eýranyň arasyndaky dartgynlygyň çözülmegi üçin tagalla eder

Pakistan parahatçylyk üçün öz üstüne düşýän jogapkärçiligini ýerine ýetirer

1337821
Pakistan ABŞ bilen Eýranyň arasyndaky dartgynlygyň çözülmegi üçin tagalla eder

 

Pakistanyň Premýer ministri Imran Han, Daşary işler ministri Şah Mahmud Kureýşi bilen Gury ýer güýçleriniň serkerdesi Kamar Jawid Bažwadan ABŞ bilen Eýranyň arasyndaky dartgynlygyň gowşamagy üçin tagalla etmeklerini isledi.

Premýer ministr Imran Han, Daşary işler ministri Kureýşiniň Eýranyň, Saud Arabystanynyň we ABŞ-nyň Daşary işler ministrleri bilen duşuşjakdygyny aýtdy.

Gury ýer güýçleriniň serkerdesi Kamar Jawid Bažwanyň bolsa harby ýolbaşçylar bilen duşuşjakdygyny aýdan Han, Kureýşi bilen Bažwa kärdeşleri bilen duşuşyp Pakistanyň parahatçylyk üçün öz üstüne düşýän jogapkärçiligini ýerine ýetirjekdigi emma söweşe sebäp bolmajakdygy barada möhüm ýüzlenme berjekdiklerini belledi

 



Degişli Habarlar