Eýranda bolan awtobus heläkçiliginde 20 adam ýogaldy

Awtobus heläkçiliginde 23 adam hem ýaralandy

1337591
Eýranda bolan awtobus heläkçiliginde 20 adam ýogaldy

 

Eýranyň döwlet telewideniýesiniň berýän habaryna görä, Mazenderan welaýatynda ýolagçy awtobusy heläkçilige uçrady.

Tahran-Kunbed saparyny amala aşyrýan awtobus Mazenderan welaýatynyň Duab etrapçasynda heläkçilige uçrady

Awtobus heläkçiliginde ilkinji kesgitlemelere görä 20 adam ýogaldy, 23 adam ýaralandy.

Ýaralananlar golaýdaky hassahanalarda bejergi astyna alyndy.

Eýranda ýylda 20 müňe golaý adam ýol heläkçiliklerinde ýogalýar.

 

 

 

 


Etiketkalar: #heläkçilik , #awtobus , #Eýran

Degişli Habarlar