Owganystanda etraplaryň biri Talibandan basylyp alyndy

Owganystanyň Goranmak ministrigi mesele bilen bagly beýanat berdi

1315555
Owganystanda etraplaryň biri Talibandan basylyp alyndy

Takmynan 4 ýyl bäri terror guramasy Talibanyň gözegçiligi astynda bolan Owganystanyň günortasyndaky Helmand welaýatynyň Marja etraby ýurdyň howpsyzlyk güýçleri tarapyndan basylyp alyndy. 

Owganystanyň Goranmak ministriginden berilen beýanatda, Howpsyzlyk güýçleriniň Marja etrabynda terror guramasy Talibana garşy operasiýa geçirendigi habar berildi. 

Operasiýanyň netijesinde Marja etrabynyň terrorçylardan yzyna alynandygy aýdylýan beýanatda, Talibana agza 37 terrorçynyň bolsa öldürilendigi mälim edildi. 

Taliban bolsa etrabyň merkeziniň entegem öz gözegçilikleri astyndadygyny beýan edýär. 

 


Etiketkalar: #etrap , #Taliban , #Owganystan

Degişli Habarlar