"Şäriklik hökümeti krizisi Ysraýylyň ykdysadyýetinde çökgünlige sebäp bolup biler"
Ysraýylyň Mejlisiniň başlygy Ýuli Ýoel Edelstein duýduryş berdi

Ysraýylyň Mejlisiniň başlygy Ýuli Ýoel Edelstein, ýurtda dowam edýän şäriklik hökümeti krizisiniň Ysraýylyň ykdysadyýetinde çökgünlige sebäp bolup biljekdigi barada duýduryş berdi.
Edelstein Mejlisde metbugata beren beýanatynda, şäriklik hökümetiniň gurulmazlygy sebäpli ýurduň agyr günleri başdan geçirýändigini belledi.
Mejlisiň başlygy Edelstein “Her bir adam Ysraýylda sosial we ykdysady çökgünlige sebäp bolup biljek krize göz ýetirmeli” diýdi.
Ysraýylyň bir ýylyň dowamynda 3-nji gezek saýlaw geçirmezliginiň öňüni almak maksady bilen Premýer ministr Netanýahu bilen Mawi beýaz hyzmatdaşlygynyň lideri Gantza üç taraplaýyn gepleşik geçirmegini teklip eden Edelstein “Ysraýylyň syýasaty üçin jogapkärçilik almagyň wagty geldi” diýdi.
Ysraýylda şu ýyl biri 9-njy aprelde we beýlekisi 17-nji sentýabrda bolmak bilen 2 gezek irki saýlawyň geçirlendigine garamazdan şäriklik hökümeti gurlup bilinmedi.
Degişli Habarlar

HPG, Ukraina 15,6 Milliard Dollarlyk Maliýeleşdiriş Kömegini Berer
Karara laýyklykda 2,7 milliad dollaryň gyssagly tölenmegine rugsat berildi

Finlýandiýada Halk Ertir Parlament Saýlawlary Geçiriler
Finlýandiýadaky syýasy partiýalar mejlisdäki 200 kürsi üçin bäsleşerler.