Bäbejikleriň ganhorlary bu gezek Rasulaýnda bombaly hüjüm gurady

Terror guramasy ÝPG/PKK Siriýanyň Rasulaýn etrabynyň Tel Halef obasynda bombaly hüjüm gurady

1313124
Bäbejikleriň ganhorlary bu gezek Rasulaýnda bombaly  hüjüm gurady

Ekstremist terror guramasy ÝPG/PKK-nyň Siriýanyň Rasulaýn etrabynyň Tel Halef obasynda bombaly ulag bilen guran hüjüminde 17 adam ýogaldy, 20-den gowrak adam hem ýaralandy

Milli Goranmak ministrliginiň hüjüm hakyndaky beýanatynda “Terror guramasy PKK/ÝPG Ýefrat derýasynyň gündogaryndaky asuda ilaty garşy guraýan bombaly hüjümlerini dowam etdirýär. Bäbejikleriň ganhorlary bu gezek Rasulaýn etrabynyň günbatarynda ýerleşýän Tel Halef obasynda bombaly ulag bilen hüjüm gurady. Bombaly hüjümde 17 adam ýogaldy, 20-den gowrak adam hem ýaralandy”diýildi.

 

 



Degişli Habarlar