Basra we Zikar welaýatlarynda hökümete garşy geçirlen protest ýörişlerinde 6 adam ýogaldy

Zikar welaýatynda hökümete garşy geçirilýän protest ýörişlerinde häkimligiň binasy oda berildi

1311673
Basra we Zikar welaýatlarynda hökümete garşy geçirlen protest ýörişlerinde 6 adam ýogaldy

Yragyň günortasynda ýerleşýän Zikar welaýatynda hökümete garşy geçirilýän protest ýörişlerinde häkimligiň binasy oda berildi.

Howpsyzlyk güýçleriniň berýän maglumatyna görä, ýangyn sebäpli bina uly zeper ýetirildi.

Zikar welaýatynda geçen aý geçirlen protest ýörişlerinde hem birnäçe etrapda hökümet binalary oda berlipdi.

Basra we Zikar welaýatlarynda hökümete garşy geçirlen protest ýörişlerinde 6 adam ýogalypdy, 158 adam ýaralanypdy.

Beýleki tarapdan Yragyň milli aragatnaşyk komissiýasy, düzgüni bozandygy sebäpli emeli hemra arkaly berilýän 8  teleýaýlym kanal bilen 5 radioynyň ýapylmagy barada karar kabul etdi, 5 teleýaýlym kanalyna hem duýduryş berdi.

 



Degişli Habarlar