Nigeriýada sil sebäpli 40 müň adam öýlerini terk etdi

Sil sebäpli halk arassa agyz suwy bilen azyk ýetmezçiligini başdan geçirýär

1307731
Nigeriýada sil sebäpli 40 müň adam öýlerini terk etdi

 

Nigeriýanyň demirgazyk gündogarynda aşa köp ýagýan ýagyşlar bilen gelen sil sebäpli 40 müň adam öýlerini terk etdi.

BMG-dan berlen ýazmaça beýanatda, terror guramasy Boko Haramyň aksiýalaryny dowam etdirýän ýeri bolan Borno welaýatynda uly ýitgi çekilmegine sebäp bolan sil apaty sebäpli 40 müň adamyň öýlerini terk etmeli bolandygy nygtaldy.

Boko Haramyň hüjümlerinden gaçanlaryň bolýan düşelgesiniň hem suwyň aşagynda galandygy üçin hökümetiň şol adamlar üçin 9 düşelge gurandygy ýatladyldy

Sil sebäpli halkyň arassa agyz suwy bilen azyk ýetmezçiligini başdan geçirýändigi bellenildi.

Borno welaýatynda soňky birnäçe hepdeden bäri ýagýan ýagyşlar sebäpli on müňlerçe öý suwyň aşagynda galdy, 4 müň gekrdarlyk erkine meýdanyna zeper ýetirildi.

 



Degişli Habarlar