Argentinada, Boliwiýanyň wezipesinden çekilen Prezidenti Moralese goldaw ýörişi geçirildi

Halkara jemgyýetçiligine Moralese goldaw bermekleri barada çagyryş berildi

1307450
Argentinada, Boliwiýanyň  wezipesinden çekilen Prezidenti Moralese goldaw ýörişi geçirildi

Argentinada ýüzlerçe adam Boliwiýanyň harby goşunynyň basyşy sebäpli wezipesinden çekilen prezident Ewo Moralese goldaw bermek üçin ýöriş geçirdi.

Argentinada ýaşaýan Boliwýalylar bilen çepçi garaýyşly jemgyýetçilik guramalarynyň öňbaşçylyk etmeginde ýüzlerçe adam, Boliwiýanyň Argentinadaky ilçihanasynyň öňünde bir ýere jemlenişdi.

Protestçylar Moralesiň saýlawda galplyk edendigini öňe süren oppozisionerleriň çaknyşyga öwrülen protest ýörişleri we harby goşunyň basyşy sebäpli wezipesinden çekilmegi “agdarlyşyk” hökmünde häsiýetlendirildi we halkara jemgyýetçiligine Moralese goldaw bermekleri barada çagyryş berdi.

 

 

 



Degişli Habarlar