Fransiýada Sary ýeňsizlileriň protestleri dowam edýär

Fransiýada Sary ýeňsizliler, Prezident Emmanuel Makronyň syýastlaryny protest etmek maksady bilen ýaňadandan köçelere çykdylar

1303517
Fransiýada Sary ýeňsizlileriň protestleri dowam edýär

Eýýäm birnäçe aý bäri az gatnaşyk bilen dowam edýän Sary ýeňsizlileriň demonstrasiýalary 52-nji hepdä girdi.

Ýurdyň paýtagty Parižde demonstrantlar iki tapawutly ýerde protest ýörüşini geçirdiler. Toparlaryň biri şäheriň Klişi etrapçasyndan Stalingrad etrapçasyna, beýleki topar bolsa Sen-Pýer meýdançasyndan Bersi meýdançasyna çenli ýöredi.

Monpelýe şäherindäki protestlerde, polisiýa işgärleri söwda merkezine we otly bekdenine girmek isleýän demonstrantlara päsgel berdiler.

Polisiýa işgärleriniň demonstrantlara garşy gözüňi ýaşardýan gaz ulanan demonstrasiýada 12 adam göz tussaglygyna alyndy we 3-si polisiýa işgäri bolan jemi 4 adam ýaralandy.

Tuluza şäherinde polisiýa işgärleri bilen demonstrantlaryň arasynda dartgynly pursatlar başdan geçirildi. Polisiýa işgärleri demonstrantlara garşy gözüňi ýaşardýan gaz ulandy.

Ýurdyň başga ýerlerinde hem protestler geçirildi.

Ýangyçlaryň gymmatladylmagyna we ýaramaz ykdysady şertlere nägilelik bildirmek maksady bilen başlan, belli bir wagt soň bolsa Makronyň ýolbaşçylygyndaky hökümete garşy öwrülen Sary ýeňsizlileriň protestleri 2018-nji ýylyň 17-nji noýabrynda başlapdy.

Demonstrasiýalarda häzirki wagta çenli 11 adam ýogaldy, 4 müň 245-den gowrak adam ýaralandy we 12 müň 107-den gowrak adam göz tussaglygyna alyndy.



Degişli Habarlar