Tel Abýatda asuda ilata garşy bomba ýüklenen ulag bilen hüjüm guraldy
"Bomba ýüklenen ulag bilen guran hüjüminde ýogalan ýada ýaralanan bolmady”
1300699
Siriýada Tel Abýad şäherinde terror guramasy PKK/ÝPG-ä agza terrorçylar tarapyndan asuda ilata garşy bomba ýüklenen ulag bilen hüjüm guraldy
Milli Goranmak ministrliginden berlen beýanatda, eli ganly terror guramasy PKK/ÝPG-ä agza terrorçylaryň Siriýada Tel Abýad şäherinde bomba ýüklenen ulag bilen asuda ilaty nyşana alandygy nygtaldy.
Beýanatda “Ganhorlaryň Siriýada Tel Abýad şäheriniň merkezinde 12.15-de bomba ýüklenen ulag bilen guran hüjüminde ýogalan ýada ýaralanan bolmady” diýildi.
Beýanatda hüjümi guran terrorçylaryň tussag edilendigi bellenildi.
Degişli Habarlar
"Ysraýyl Gazada on müňlerçe çagany öldürdi ýa-da maýyp etdi"
BMG: "Ysraýyl Gazada on müňlerçe çagany öldürdi ýa-da maýyp etdi" diýip mälim etdi