ABŞ, Yrakdaky kynçylyklaryň çözülmegi üçin edilýän tagallalardan hoşal

Pompeo Yragyň hökümetiniň ýurtda dowam edýän protest ýörişleriniň bes edilmegi üçin edýän tagallasy hakynda ýazmaça beýanat berdi

1298827
ABŞ, Yrakdaky kynçylyklaryň çözülmegi üçin edilýän tagallalardan hoşal

ABŞ-nyň Döwlet sekretary Maýk Pompeo, Yragyň hökümeti tarapyndan ýurduň içinde başdan geçirilýän kynçylyklaryň çözülmegi üçin edýän tagallasyndan hoşaldyklaryny mälim etdi.

Pompeo Yragyň hökümetiniň ýurtda dowam edýän protest ýörişleriniň bes edilmegi üçin edýän tagallasy hakynda ýazmaça beýanat berdi.

ABŞ-nyň, Yrakdaky kynçylyklaryň çözülmegi üçin edilýän tagallalardan hoşaldyklaryny aýdan Pompeo, “Yragyň hökümeti, kynçylyklary sebäpli köçä çykan yragyň halkynyň talaplaryny kanagatlandyrmak üçin tagalla edýär” diýdi.

Pompeo, Yrakda başdan geçirilýän wakalar bilen ýakyndan gyzyklanýandyklaryny nygtady.

Yrakda işsizlik we galplyk sebäpli 1-nji oktýabrda başlan we Erbain dabaralary sebäpli berlen arakesmeden soň  25-nji oktýabrda ýaňadandan başlan protest ýörişleri ikinji hepdesine girdi.

Yrakda 1-nji oktýabrdan bäri dowam edýän ýörişlerde 250-den gowrak adam ýogaldy, 11 müň adam ýaralandy.

Yragyň hökümeti işsizlige we galplyga garşy işleriň depgininiň güýçlendiriljekdigini mälim etdi.

 


Etiketkalar: #hoşallyk , #Maýk Pompeo , #ABŞ

Degişli Habarlar