Pakistanda ýolagçy otlysynda bolan partlama sebäpli 65 adam ýogaldy

Partlama ýolagçylaryň ýanyndaky kiçi gaz balony sebäp boldy

1297624
Pakistanda ýolagçy otlysynda bolan partlama sebäpli 65 adam ýogaldy

Pakistanyň Liýakatpur şäheriniň golaýynda ýolagçy otlysynyň üç wagonynyň ýanmagy sebäpli ilkinji kesgitlemelere görä, 65 adam ýogaldy.

Pakisýanyň Demirýollary ministri Şeýh Raşid Ahmed, mesele hakynda beren beýanatynda, ýurduň günortasynda ýerleşýän Karaçiden demirgazykdaky Rawalpindi şäherine tarap giden Tezgram  otlysynda Rahim Ýar Han şäheriniň Liýakatpur etrabynyň golaýynda partlamanyň bolandygyny aýtdy.

Partlama ýolagçylaryň ýanyndaky kiçi gaz balonynyň sebäp bolandygyny aýdan Ahmed, partlama sebäpli otlynyň 3 wagonynyň ýanandygyny we ýolagçylaryň bir böleginiň otlydan bökendikleri sebäpli ýogalandygyny belledi.

Partlama we ýangyn sebäpli ýogalanlaryň sanynyň 65 adama ýetendigi ýatladyldy

Gözleg we halas ediş işlerine goldaw bermek üçin Pakistanyň ýaragly güýçleri hem lukmanlaryny hassahanalara we heläkçiligiň bolan ýerine ugratdy

 



Degişli Habarlar