Eýran, Yrakda dowam edýän protest ýörişleri sebäpli Mehran gümrük geçelgesini ýapdy

Newzeri gümrük geçelgesiniň kaçan açyljakdygy hakynda bolsa maglumat bermedi

1297182
Eýran, Yrakda dowam edýän protest ýörişleri sebäpli Mehran gümrük geçelgesini ýapdy
iran-irak mehran sinir kapisi.jpg

 

Eýran, Yrakda dowam edýän protest ýörişleri sebäpli Ilam welaýatyndaky Mehran gümrük geçelgesini ýapdy

Eýranyň ýarym resmi Tesnim habarlar gullugynyň berýän habaryna görä, Ilam welaýat häkiminiň orunbasary Muhammed Newzeri, Mehran gümrük geçelgesiniň Yrakda dowam edýän hökümete garşy protest ýörişleri sebäpli ýapylandygyny aýtdy

Newzeri gümrük geçelgesiniň kaçan açyljakdygy hakynda bolsa maglumat bermedi.

Eýran, Yrakdaky ýörişleriniň başlamagyndan soň Kirmanşah welaýatynyň Hüsrewi we Huzistan welaýatlaryny birleşdirýän Jezzabe gümrük geçelgesini 3-nji oktýabrda ýapypdy we üç gün soň ýaňadandan açypdy

Eýranyň Daşary işler ministrligi hem iki gün ozal raýatlaryna Yraga gitmezlikleri barada çagyryş beripdi.

 



Degişli Habarlar