Putin Merkel bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

Kreml tarapyndan berilen ýazmaça beýanatda, Putiniň Merkel bilen telefon arkaly söhbetdeş bolandygy mälim edildi

1296234
Putin Merkel bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

Russiýanyň Döwlet baştutany Wladimir Putin, Germaniýanyň Federal Kansleri Angela Merkel bilen Siriýanyň demirgazygy bilen baglanşykly Türkiýe bilen Russiýanyň arasynda gazanylan ylalaşygyň üstünde durup geçdiler. 

Kreml tarapyndan berilen ýazmaça beýanatda, Putiniň Merkel bilen telefon arkaly söhbetdeş bolandygy mälim edildi. 

Putiniň, Prezident Rejep Taýýip Erdogan bilen 22-nji oktýabrda Soçi şäherinde geçiren gepleşikleriň netijeleri barada Merkele maglumat berendigi aýdylýan beýanatda, maslahatda ýola goýulan ylalaşygyň ähli taraplaryň bähbitlerini göz öňünde tutandygy, Siriýanyň territorial bütewiliginiň we özygtyýarlygynyň üpjün edilmegine goşant goşandygy aýan edildi. 

Liderleriň Belgiýanyň paýtagty Brýusseldäki Russiýa-ÝB-Ukraina Üçtaraplaýyn tebigy gaz gepleşikleri bilen baglanşykly pikir alyşandyklary beýan edildi. 

 



Degişli Habarlar