Tel-Abýatda terrorçylykly hüjüm guraldy

Hadysada jemi 5 adam ýaralandy

1295380
Tel-Abýatda terrorçylykly hüjüm guraldy

Siriýanyň Türkiýe serhediniň golaýyndaky Tel-Abýad etrabynyň Aýn Arus obasynyň bazarynda bomba ýüklenen bir motosikliň partladylmagy netijesinde 3-si çaga jemi 5 adam ýaralandy.

Terror guramasy ÝPG/PKK-dan saplanan Tel-Abýad etrabynyň günortasyndaky Aýn Arus obasynyň bazarynda bomba ýüklenen motosikl partladyldy.

Partlamada ýaralanan 3-si çaga jemi 5 adam, Siriýanyň Milli Goşunyna degişli saglygy goraýyş toparlary tarapyndan golaýdaky saglyk merkezine alynyp gildildi.

Partlamada golaýdaky dükanlara we ulaglara zeper ýetdi.

Sebite gönükdirilen Siriýanyň Milli Goşunyna degişli toparlar, hüjümiň terror guramasy ÝPG/PKK tarapyndan guralandygyny çak edýärler.

Terror guramasy ÝPG/PKK agza terrorçylar, guramanyň Parahatçylyk Çeşmesi operasiýasy sebitinden çekilmegi bilen baglanşykly Türkiýe bilen ABŞ-nyň arasynda 17-nji oktýabrda gazanylan ylalaşyga garamazdan, Tel Abýad we Rasulaýn etraplaryna we onuň töwereklerine hüjümlerini dowam etdirýär.


Etiketkalar: #motosikl , #Tel Abýad , #hüjüm

Degişli Habarlar