Rus esgerleri, Siriýanyň demirgazygynda ilkinji gözegçilik işlerini geçirdi

Russiýanyň Goranmak ministrligi, rus esgeriniň, ilkinji gezek Siriýanyň demirgazygynda gözegçilik işlerini geçirendigi habar berdi

1293730
Rus esgerleri, Siriýanyň demirgazygynda ilkinji gözegçilik işlerini geçirdi

Türkiýe bilen Russiýanyň arasynda gazanylan ylalaşyga laýlykda rus esgerleri, Siriýanyň demirgazygynda ilkinji gözegçilik işlerini geçirdi.

Russiýanyň Goranmak ministrliginden berlen beýannamada, 22-nji oktýabrda Soçide Türkiýe bilen Russiýanyň arasynda gazanylan ylalaşyga laýyklykda, düýn rus harby toparynyň, ilkinji gezek Siriýanyň demirgazygynda gözegçilik işlerini geçirendigi nygtaldy

Prezident R. T. Erdogan bilen Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putiniň arasynda gazanylan ylalaşygyň 5-nji maddasynda 2019-njy ýylyň 23-nji oktýabryndan sagat 12.00-dan başlap, rus esgerleri bilen Siriýanyň serhetýaka goragçylarynyň “Parahatçylyk Çeşmesi” operasiýasynyň çägine degişli bolmadyk zolakda Türkiýe-Siriýa serhediniň Siriýa tarapynda, terror guramasy ÝPG-nyň we ýaraglarynyň  150 sagadyň dowamynda Türkiýe-Siriýa serhedinden 30 kilometre çenli çekilmegi göz öňünde tutulýar

 

 

 



Degişli Habarlar