Lawrow: “ABŞ-nyň Siriýadaky syýasaty ähli sebiti ýakyp biler” diýdi

Russiýanyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow, ABŞ-nyň Siriýadaky syýasatynyň ähli sebiti ýakyp biljekdigini we ondan nähili hem bolsa uzak durulmalydygyny belledi

1284901
Lawrow: “ABŞ-nyň Siriýadaky syýasaty ähli sebiti ýakyp biler” diýdi

Resmi sapar bilen Gazagystana giden Sergeý Lawrow, Gazagystanyň Daşary işler ministri Muhtar Tleuberdi bilen geçiren duşuşygyndan soň geçiren metbugat ýygnagynda, Siriýa meselesi bilen bagly beýanat berdi.

Yrakdaky kürtleriň ABŞ-nyň Siriýadaky aksiýalaryna alada bildirýändigine ünsleri çeken Lawrow: “ABŞ-nyň Siriýadaky syýasaty ähli sebiti ýakyp biler. Ondan nähili hem bolsa uzak durulmalydyr” diýip habar berdi.

Sergeý Lawrow, ABŞ-nyň Siriýadaky aksiýalarynyň çaprazdygyny we BMG-nyň Howpsyzlyk geňeşiniň, Siriýanyň territorial bütewiligi we özygtyýarlygy babatyndaky kararlaryň düzgünleirni bozýandygyny aýan etdi.

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň, Siriýadan esgerlerini yzyna çekjekdigini ençeme gezek aýdandygyny ýatladan Lawrow: “Tramp soň bolsa bular ýaly kararlaryny duruzdy. ABŞ beren wadasynda durmady” diýip habar berdi.

Lawrow, Siriýanyň demirgazygyndaky meseläniň çözüwi üçin dialogyň hökmanydygyny belläp, Türkiýe bilen ABŞ-nyň arasyndaky ikitaraplaýyn beýanatlardan soň, Başar Asada tabynlykdaky güýçleriň, ekstremist terror guramasy ÝPG/PKK-a agza terrorçylaryň wekilleri bilen duşuşyklar geçirendigini mälim etdi.


Etiketkalar: #Siriýa , #ABŞ , #Sergeý Lawrow

Degişli Habarlar