“Eýran bilen Yragyň arasynda düşnüşmezlik emele getirmäge çalyşýarlar emma muny başaryp bilmezler”

Hamaneý Yrakda hökümete garşy geçirilýän protest ýörişleri barada durup geçdi

1282800
“Eýran bilen Yragyň arasynda düşnüşmezlik emele getirmäge çalyşýarlar emma muny başaryp bilmezler”

Eýranyň dini lideri Ali Hamaneý “duşmanlaryň” Eýran bilen Yragyň arasynda düşnüşmezlik emele getirmäge çalyşýandygyny emma muny başaryp bilmejekdigini aýtdy.

Hamaneý Twitterden beren beýannamasynda, Yragyň paýtagty Bagdadyň başda durmagynda käbir şäherlerde hökümete garşy geçirilýän protest ýörişleri barada durup geçdi.

Eýran bilen Yragyň halkynyň biri-birine baglydygyny we şol baglaryň gün saýyn güýçlenýändigini nygtan Hamaneý “Duşmanlar Eýran bilen Yragyň arasynda düşnüşmezlik emele getirmäge çalyşýar emma muny başaryp bilmezler” diýdi

Yrakda paýtagt Bagdadyň başda durmagynda ýurduň günortasynda ýerleşýän şäherlerde 1-nji oktýabrdan bäri “galplyga we işsizlige garşy” protest ýörişleri geçirilýär

Protest ýörişlerinde häzire çenli 104 adam ýogaldy, 6107 adam ýaralandy



Degişli Habarlar