Yrakda Bagdatdan soň ýene-de 3 şäherde köçä çykmak gadagan edildi

Bagdatda şu gün irden 05-00-dan başlap köçä çykmak gadagan edilipdi

1281175
Yrakda Bagdatdan soň ýene-de 3 şäherde köçä çykmak gadagan edildi

Yragyň paýtagty Bagdatdan soň protest ýörişleri sebäpli ýene-de 3 şäherde köçä çykmak gadagan edildi.

Yragyň hökümeti, protest ýörişleri sebäpli Bagdatdan soň Zikar, Meýsan we Babil şäherlerde köçä çykmagy gadagan etdi.

Protest ýörişleriniň dowam edýän ýeri bolan Basra, Diwaniýe, Kerbela, Wasit we Kerkuk ýaly käbir şäherlerde bolsa heniz hiç hili karar kabul edilmedi.

Paýtagt Bagdatda şu gün irden Premýer ministr Adil Abdulmehdiniň tabşyrygy boýunça howpsyzlygyň goralyp saklanmagy üçin köçä çykmak gadagan edilipdi.

Anadoly Habarlar gullugyna beýanat beren Bagdadyň içer işler müdürliginiň ýolbaşçylaryndan Ahmed Halef, paýtagtda şu gün irden 05-00-dan başlap köçä çykmagyň gadagan edilendigini aýtdy

 

 

 

 

 

 



Degişli Habarlar